23 Ağustos 2019 Cuma

GITSEGELMEZ.COM
Spesnaz.DD

INTERNET BARADA
SAYT AÇMAK BARADA.

Ilki bilen men bu zatlary öz özimden bilmedim bir zady ýadyñyzdan çykarmañ men bu zatlarym Albastydan öwrenen zatlarymy aýtýan elbetde olaryñ wagty bolmadygy üçin men şu blogy açmana karar berdim. Bu karar olara ýarady we meñ bn razylaşdy.

Site açmak. Köp kişi özüne bir saýt açasy gelýär we munuñ üçin durşuna internediñ içinden gözläp birtopar wagtyny gidirýär. Ýöne şondada ibaly saýt açmajagyna gözi ýetýär. Internedi näçe gözleseñem dogry bir bilgiñ sahyby bolýançañ öz isledigiñ şekilli saýta gabat gelmersiñ. Ilki bilen öz ýasan saýdyñ google gözletme motorlarynda tapylmasy üçin öz adyña domen satyn almaly bolýar. Bulam biraz tölegli bolýar. Domen näme ?. Domen señ öz şahsy bilginamañ meselem "com", "net", "info" "org" şu adresler domenlerdir we bulardan hersiniñ özüne görä internetde tölegi bolýandyr. Sen gerek tölegi töläp bu domenlerden haýsam bolsa birini saýlap alyp bilersiñ. Onsoñ señ şo adrese göra ýasan saýtlaryñ google motorlarynda  tapylar we hemme kişi sen saýdyñdan peýdalanyp biler. Başgada domen sahyby bolsañ öz domeniñ kömegi bilen google surat video hem goýyp bilersiñ. Umuman domen almak señ öz adyña bir şahsy bilgi açmakdyr we señ öz adyña internetde islän zadyñy açyp bilersiñ. Ýöne köp kişi bu domeni satyn alyp bilmedigi sebäpli başga internediñ hödürlän saýtlaryndan peýdalanyp saýt açýar. Elbetde öz domeniñ bolmasa internediñ hödürlän saýtlarynyñ kömegi bilen saýt açmak mümkin. Ýöne bu açylan saýtlaryñ köpüsi google adresinde tapylsada googleniñ özünde durmaýar. Bu siziñ saýtyñyzy başgalar bilen paýlaşyp bolanok diýildigi däl. Saýdyñ adresini başga birine uratsañ ol hem adresiñ üstü bilen şo saýta girip biler. Men bu blogymda size internediñ kömegi arkaly saýt acmany öwretjek sebäbi domeni köp kişi satyn alyp bilenok. Men hem satyn almadym ýöne nesip bolsa özüme domen satyn aljak we şonda googlede hem uly belgileri uly hyzmatlary size ýetirjek. Men bu zatlary size aýtmagymyñ sebäbi ilki bilen gaty köp kişi saýt ýasasy gelýär we onu bilýän adamy agtarýar. Elbetde ony bilýän adamlar bar. Tanaýansyñyz meselem Maksat Didarow ýagny ALBASTY diýlip tanalýar. Hemde Muhammet GATYBAYFULL ady bn belli boldy. Bularyñ ikisiniñem domeni bardyr we internetde ençeme saýt açandyrlar. Ýöne bular köp kişä öretsede köp kişä öwredenok, köp kişä düşündirselerde düşünenok. Näme uçin sebäbi olaryñ işi köp bolýar yalñyşmasam hersinde 5000 e ýakyn adam bar we olaryñ hersine hijem düşündirip gutaryp bolanok. Bolman bu añsat iş däl her adama nokady bilen düşündirýänçäñ kellän doñyp gitýär. Şo sebäpli men bu blogy açdym we hemme zady nokatma nokat bilersiñiz. Saýt açasyñ gelýäni çyn bolsa sen dogry blogyñ üstünden gelipsiñ hany onda başlalyñ. 


JIMDO CREATOR WEB SITE.
Saýt açmagyñ iñ añsat bölümi bolan bu saýt açyjy programyñ ady JIMDO CREATOR. Bu bölüm internediñ adresi jimdofree niñ kömegi saýt açmagyñ iñ añsat bolan görnüşidir. Bu bölüm añsat boluşy ýaly iñ sadadyr. Ýagny iñ sada saýtlary ýasap bolar. Ilki bilen saýt açjak bolsañyz özüñüze JIMDO CREATOR atly programany google playdan skacat edip alyñ. Soñra şoña girip öz email adresleriñ bilen giriş edeniñden soñra señ ýasajak saýdyñ adyny sorar. Ol atlaryñ 30 sany harplardan ybarat bolmalydyr. Siz öz saýtyñyzyñ adyny ýazanyñyzdan soñra siziñ umumy saýtyñyz taýyn halyna geler. Indi diñe içini oñaraýmak galdy.  Eger basañda play markede girer yaly etjek bolsañyz onda play marketde bir oynuñ yokarsyndaky paylasma düwmesine basyp kopya duran yere bassañyz link kopyalanar we link goyulyan yere sony goysañyz siziñ BUTONYÑYZ yagny düwmäñiz tayn bolar. JIMDONYÑ programasyny play marketden skaçat edip alyp bilersiñiz.

GOOGLE SITES.
Google sites bu gowy we köpüräk hyzmatlary hödürleýär we gaty gowy saýt ýasamana kömek edýär. Bu saýta girmek üçin SITES.GOOGLE.COM dp googlede yazyñ şonda bir adrese girer we şo ýerde hiç zat etmän ýokarda duran üç nokat menü basyñ. Şonda 9 njy durana MASAÜSTÜ SITESI diýlip duran ýazga basyñ. Orsça ВЕРСИЯ ДЛЯ ПК diýlip duran ýere basyñ. Şonda giren adresde saýt açyp bolýar we girseñiz özüñiz düşünersiñiz. Bu bölüm saýt açmak üçin köp hyzmatly we añsat bölümdir.

IMCREATOR.
Bu bölüm biraz çylşyrymly bolsada içini oýnaşdyryp ýörseñ düşünýäñ. Bu saýda girmek üçin IMCREATOR.COM dp ýazyñ şonda size birtopar tema hödürlär şo temadan isläniñizi saýlap saýt ýasap bilersiñiz. Bu bölümde gaty köp tema badyr. Iñ köp temaly bolan bu bölümde saýdy owadan edip yasap bilersiñiz.

WEEBLY.
Bu weblynyñ hem programasy we saýdy badyr. Ýöne programasy size ansat düşer öýdýän. Siz isläniñizi saýlañ. Bu weebly hem köp kyn däldir. Programasyna girseñiz özüñiz düşünýäñiz. 

WORDPRESS.
Wordpress gaty köp hyzmatly we bütin dünýä tarapyndan tanalýan bu bölümiñ hem programasy we saýdy badyr. Saýdyna WORDPRESS.COM dp girip bilersiñiz. Ýöne programasy añsat düşer öýdýän. Siz islaniñizi saýlañ. Programasynda email adresiñiz bilen giriş edip saýt ýasap bilersiñiz. Programasyny almak üçin play marketde WORDPRESS dp yazyp skaçat edip alyp bilersiñiz. 

WIX.
Bu bölümiñ hem programasy we saýdy badyr. Bu bölum hem edil WORDPRESS ýaly köp ýurt tarapyndan tanalýar we köp kişi şu adresiñ kömegi bilen saýt ýasaýar. Siz hem programasyny alyp añsat we gowy görnüşde saýt ýasap bilersiñiz. Programasyny play marketden WIX dp alyp bilersiñiz. 

SIMDIF.
Simdifiñ programasyny play marketden SIMDIF dp alyp bilersiñiz. Bu bölüm añsat we az hyzmatly bir bölümdir. Ýöne ýasamak gaty añsatdyr we köp kişi üçin şu bölüm gowydyr. Siz hem play marketden programasyny alyp saýt ýasamana başlap bilersiñiz.

BOLDY DOSLAR ASLYNDA ÖZ BILYANLEM HEM SULARDAN YBARAT. JEMI 7 SANY BÖLÜM.


Doslar eger ýenede bir bölüm öwrenäýsem şu blogda hökman siz bilen paýlaşaryn. Gaty köp kişi GATYBAÝFULYÑKY ýada ALBASTYÑKY ýaly saýt açasy gelýär ýöne olar ony pully öwretýäler. Men şolardan 500 müñ manada ýakyn pul berip şolañky ýaly saýt ýasamany öwrenjek. Size hem şo hyzmaty 10 manada öwrenjek. Eger özüñiz domen satyn alyp şu hyzmaty öwrenäýseñiz onda siz hem edil GATYBAÝFUL ýada ALBASTY ýaly bolup bilersiñiz we internetde adyñyz çalt öser. Men jemi 2 milýon bolmasa 3 milýona ýakyn pul berip şo hyzmatlary öwrenjek sebäbi domen satyn almaly bolýar. Eger öwrenäýsem şu blogda billirderin we 10 manada ýakyn pula size öwrederin. Şo sebäpli şu ady ýadyñyzdan çykarmañ By SPESNAZ.

INTERNEDE SURAT GOYMAK.
Internetde surat goýmak barada bu meñ hyzmatym däldir ALBASTYDAN öwrenip aýtýandyryn. Ilki bilen internede giriñ we ýokarsyndaky üç nokat menü basyñ. Şonda MASAÜSTÜ SITESI orsça ВЕРСИЯ ДЛЯ ПК diýlip ýazyk duran ýere basyñ. Şonda täze internet sahypasy açylar. Ýokarda SURATLAR diýlip ýazyk duran ýere basyñ. Şonda internediñ gözledilýän ýeriniñ sag gyrasynda kiçijik kamera belgisi durandyr. Şoña basyñ we şonda bir bölege girer şo bölegiñ gyrasynda UPLOAD AN IMAGE dp duran yere basyñ sonda surat saylamana yer cykar islendik suraty saylap basyn sonda goyan suratyñyz googlede goyular. Başgada instagram twitter facebook da paýlaşan suratlaryñyz googlede goýular. Hemem googlede hasap açyp email tabşyrañda profile goýan suratlaryñyz googlede goýular. Başgada özüñ blogger bolsañ goýup bolýar. Birem bir saýt bar şo saýty açyp şo saýta goýan suratlaryñyz googlede goýular. Men o saýdy 8 manada öwredip bilerin sebäbi hema saýt açýañyz o açan saýdyñyzam googlede durar. O saýt açmak hiç hili kyn däldir. Prosta girýän boldy özüñ düşünýäñ. Islendik goýan suratyñyzam googlede goýlup o saýdam googlede durar.